SPORT

Ronaldo täze rekordlara barýar

FIFA Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynda “A” toparçada Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Lýuksemburgy 5-0 hasabynda ýeňdi.

Futbol äleminiň öňdebaryjysy Kristiano Ronaldo oýnan her duşuşygynda täze rekordlaryň eýesi bolýar. Bu duşuşykda 8-nji, 13-nji hem-de 87-minutlarda tapawutlanan Ronaldo milli ýygyndydaky gollarynyň sanyny 115-e ýetirdi. Karýerasyndaky 58-nji, milli topardaky 10-njy het-trigini eden Ronaldo dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky gollarynyň sanyny 36-a ýetirdi.

Şeýlelikde, ol Lionel Messi bilen deňleşdi. 2021-nji ýylda hem Messi hem-de Ronaldo futbol topary hem-de milli ýygyndynyň düzümindäki gollarynyň sanyny 38-e ýetirdi.

Milli ýygyndylaryň iň köp gol geçiren futbolçysy rekordyny yzygiderli artdyrýan Ronaldo milli ýygyndylarda iň köp het-trik eden futbolçy boldy.

Ronaldo Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda 36 gol geçirdi. Ol bu ugurda gwatemalaly Karlos Ruisiň rekordyna golaýlady (39).

Ýaponiýa Owganystana ynsanperwer kömegini berer

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi