SPORT

Ronaldo ozalky “7” belgili köýnekçesine dolanyp geldi

12 ýyldan soňra Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyna dolanyp gelen, milli ýygyndyda iň köp gol geçirip, dünýä rekordyny eýelän Krsitiano Ronaldo ozalky “7” belgili köýnekçesine dolanyp geldi.

Bu şowly “7” belgili köýnekçe Ronaldony dünýä meşhur edipdi. “Mançester Ýunaýted” toparynda bu köýnekçede urugwaýly Edison Kawani çykyş edýärdi. Ol “21” belgili köýnekçäni alyp, “7” belgili köýnekçäni Ronaldo berdi.

“Mançester Ýunaýted” topary Angliýanyň milli çempionatynyň ýolbaşçy düzümine Ronaldonyň “7” belgide çykyş etmegi üçin ýörite ýüz tutma bilen çykyş etdi. Çempionatyň düzgünine görä, futbol möwsümi başlandna soňra köýnekçe belgilerini üýtgetmek gadagandyr.

Ronaldo özüniň futbol durmuşynyň köp bölegini “7” belgisi bilen çykyş etdi. 2003-nji ýylda “Mançester Ýunaýted” toparyna gelen Ronaldo 2009-njy ýyla çenli bu köýnekçede çykyş etdi. “Real Madrid” toparynda ilkinji “9” belgini aldy, soňra täzeden “7” belgä geçdi.

Ol Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde “7”, “10” hem-de “17” belgide çykyş etdi.

 

“Barselonanyň” futbolçysy “BeÅŸiktaÅŸa” geçdi

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi