SPORT

Ronaldo kuboksyz galdy

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň düzümine goşulan Kristiano Ronaldo üstümizdäki ýylda gazanmaga mümkinçili bolan ilkinji kubogyndan mahrum boldy.

Ronaldoly “Al-Nasr” topary Saud Arabystanynyň Superkubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynda “Al-Ittihad” toparyndan ýeňildi. Ronaldo bu duşuşygyň 90 minutynda hem oýnady.

Ýaryş ilkinji gezek 4 toparyň gatnaşmagynda geçirilýär.

Saud Arabystanynyň çempionatynda 14 tapgyryň ahyrynda “Al-Hilal” 33 utuk bilen birinji barýar. “Al-Ittihad” toparynyň utuk sany 31-e deňdir.

“Al-Nasr” topary soňky gezke 2019-njy ýylda çempion bolupdy.

Related posts

Messi Parižiň nyşanyna öwrüldi

Taýger Wudsuň täze rekordy

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasy: zenan eminiň eminlik eden ilkinji duşuşygy, Ronaldonyň 750-nji goly

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment