SPORT

Ýewropa çempionatynda ilkinji ýarym final duşuşygy

Şu gün Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda ilkinji ýarym final duşuşygy geçiriler. Mýunhen şäherindäki “Alýans Arena” stadionynda Ispaniýa bilen Fransiýa duşuşar.

Ispaniýa ýarym finala çykmak üçin Germaniýany, Fransiýa bolsa, Portugaliýany ýeňdi.

Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar. Duşuşykda slowen emin Slawko Winçiç eminlik eder.

Ýarym finalyň beýleki duşuşygy bolsa, ertir, ýagny 10-njy iýulda geçirilip, onda Niderlandlar bilen Angliýa duşuşar.

Related posts

Dünýä çempionaty: 22 dünýä çempionatyny 43.9 million janköýer tomaşa etdi

Italiýaly derwezeçi Donnarumma «Mançester Siti» klubyna geçýär

Ata Watan Eserleri

1 ýyldan soňra tälimçilikden boşadyldy