JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Gazagystan strategik hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen Astana şäherinde duşuşdy. Bu barada Gazagystanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Gazagystana bardy.

Duşuşykda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy giň gerimde ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklar, şeýle hem öňde boljak ýokary derejedäki halkara çäreler boýunça pikir alyşdylar.

Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen kärdeşini Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy bilen gutlady.

Related posts

Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Ar­sen Şahuns:«Türk­me­nis­tan he­mi­şe ýü­re­gim­de ýa­şa­ýar»

Ata Watan Eserleri

Türkmence-Türkçe Tercümelerde Büyük İndirim : %25

vepa