SPORT

Ronaldo 700-nji goluny geçirdi

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo topar derejesinde 700-nji goluny geçirdi.

Ol düýn Angliýanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda “Mançester Ýunaýted” bilen “Ewerton” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda tapawutlandy. “Mançester Ýunaýted” topary bu duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Toparyň portugal ýyldyzy özüniň 700-nji goluny baýram etdi. Ol bu üstünlige ýetmek üçin “Real Madrid” toparynyň düzüminde 450 gol, “Ýuwentus” toparynyň düzüminde 101 gol, “Sporting” toparynyň düzüminde 5 gol geçirdi. 37 ýaşyndaky Ronaldo “Mançester Ýunaýted” toparynda 144 gezek tapawutlanmagy başardy.

Şeýlelikde, Ronaldo 700-nji goluny ilkinji geçiren golundan 20 ýyl 2 günden soňra geçirmegi başaryp, uly üstünlige eýe boldy.

 

Related posts

Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Ramos Meksikada futbol karýerasyny dowam etdirer

Ýene bir ýyldyz futbolçy Saud Arabystanyda oýnar

Leave a Comment