JEMGYÝET

Remezan aýy başlady: ilkinji tarawa namazlary okaldy

Musulman senenamasy esasynda Remezan aýy gelip ýetdi. Ertir 13-nji aprel – Oraza aýynyň ilkinji güni. 12-nji aprelde paýtagtymyzyň metjitlerinde tarawa namazy okalyp, Remezan aýynyň başlanandygy buşlandy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň alan maglumatlaryna görä, tarawa namazyna her kim öz ýany bilen namazlyklaryny alyp barmaly, täret metjide gelmezden alnan bolmaly we her kim lukmançylyk örtügini dakynan bolmaly. Namazlar görkezilen ýerlerde okaldy.

Türkiýä uçar gatnawlary çäklendirildi

Agzybir halkymyz mübärek Oraza aýyny garşy alyp, ilkinji tarawa namazyny okap,  Diýarymyzyň gülläp ösmegi üçin ýagşy doga-dilegler etdiler.

Oraza sagdynlygyň açarydyr. Çünki Oraza aýynda agyz beklemek bedeniň açlyga-suwsyzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Ata-babalarymyzdan «Oraza tutuň, bedeniň berk, sagdyn bolsun» diýen parasatly jümleler hem bize miras galypdyr.

Oraza aýynyň öňýanynda çagalaryň «Ýaremezan» aýdyp, öýlere aýlanmagy bilen her bir döwletli maşgalanyň gapysy kakyldylar.

ORAZA WAGTYNYŇ HASAPLAÝJYSY HYZMATYŇYZDA

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty Oraza aýynda agyz beklenýän we açylýan wagtlary yzygiderli Size ýetirip durar.

Biziň saýtymyzda ýerleşdirilen hasaplaýjyda agyz beklemäge hem-de açmaga näçe wagt galandygyny yzygiderli habarly bolup bilersiňiz. Biziň taýýarlan hasaplaýjymyz Size agzy açmaga hem-de beklemäge näçe wagt galandygyny görkezip durar. Bu maglumaty Siz saýtymyzyň sag kenaryndaky ýörite ýerden tapyp bilersiňiz!

Bu mümkinçiligi size ilkinji bolup, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýetirýändigini hem bellemek gerek.

Oraza aýy 2022 : Agyz Beklenýän we Açylýan wagtlar

 

Oraza wagtlaryň hasaplaýjysy hyzmatyňyzda

 

Saýtymyz 1-njilik ornuny has-da berkidýär

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna: Rumyniýada okamak üçin resminamalar kabul edilip başlanýar

Aşgabatda geçirilen maslahat Türkmenistanyň diplomatiýasynyň barha artýan ornuny tassyklady

Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlary gowşurylar

Azerbaýjanyň Ilçihanasy Aşgabatda geçirilen “Diplomatiýa Güni” atly halkara sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady