TEHNOLOGIÝA

Rels degmän hereket edýän ýokary tizlikli otly

Hytaý Halk Respublikasy ýokary tizlikli otly ulgamynda täze üstünliklere eýe boldy. Ýurduň relslere degmän, sagatda 620 kilometr tizlikde gidýän otlusy tanyşdyryldy. Täze “Maglew” otlusy Siçuan welaýatynyň Çendu şäherinde tanyşdyryldy.

Hytaýyň bilermenleri bu otluny tanyşdyrmak üçin ýörite rels ulgamy döredildi. Magnitli rels ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ýokary tizlikli otly sagatda 620 kilometr tizlige ýetip bilýär. Magnit ulgamy arkaly bu otlular relslere degmän hereket edýär.

Bu otlularyň 2025-nji ýylda ulanmaga berilmegi öz öňünde tutulýar. Ýurtda ilkinji “maglew” demir ýoly 2004-nji ýylda Şanhaýda açylypdy. Şanhaýdaky sagatda 400 kilometr tizlige ýetip bilýän otly bilen şäheriň merkezinden 30 kilometr daşlykdaky Pudong howa menziline 5 minutda barmak bolýar.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Robototehnika” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi