DÜNÝÄ

R. Meredow: YHG Ýewraziýada öňdebaryjy integrasiýa guramasyna öwrülmäge mümkinçiliklere eýe

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) Ýewraziýa giňişliginde öňdebaryjy integrasiýa guramasyna öwrülmek üçin ýeterlik mümkinçilige eýedir.

Bu barada Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 17-nji sammitine gatnaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

Ol YHG ýurtlarynyň häzirki zaman tehnologiýalary ugrundaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermelidigini nygtap, umumy maglumat giňişligini döretmegi teklip etdi.

Meredow guramanyň çäginde “ýaşyl tehnologiýalar” ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şeýle hem, ol tebigy serişdeleriň, demografik mümkinçilikleriň we ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň YHG-niň ösüşi üçin berk esas döredýändigini aýtdy.

Related posts

Türkmenistan-Özbegistan: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellendi

Türkmenistan Finlýandiýanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 6 Ekim Anma günü törenleri gerçekleştirildi

vepa