DÜNÝÄ

Rustam Minnihanow türkmen alabaýy bilen gezelenç etdi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow özüne sowgat edilen türkmen alabaýy bilen gezelenç etdi. Ol gezelençden pursatlary özüniň jemgyýetçilik torundaky hasabyndan okyjylar jemgyýetçiligine ýaýratdy.

Prezident Minnihanow özüniň Akdus atly alabaýyna uly ähmiýet berýär. Ýöne ol soňky döwürde wagtynyň çäkli bolandygy üçin jemgyýetçilik torundaky yzarlaýjylary bilen öz alabynyň suratyny paýlaşmandy.

– Köpden bäri Akdusyň suratyny ýaýratmadym. Iş köp bolandygy sebäpli alabaýym bilen seýrek gezelenç edýärin – diýlip, Prezidenti Minnihanow “Telegram” torunda habar berdi.

Tatarystanyň metbugatyndaky habara görä, Prezident Minnihanow soňky gezek awgust aýynda Akdusyň suratyny ýaýradypdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanowa 2021-nji ýylda alabaý itini sowgat edipdi.

Minnihanow bu alabaýa Akdus diýip at berdi. Ol tatar dilinden terjime edilende “ak dost” diýen manyny berýär.

Related posts

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Hormatly Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady

BMG: Afrika XXI asyryň ortalaryna iň ýaş yklym bolar

Leave a Comment