SPORT

Horwatiýa – bürünç medalyň eýesi

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda bürünç medaly gazanmak ugrundaky duşuşykda Horwatiýa bilen Marokko duşuşdy. Duşuşykda Marokkony 2:1 hasabynda ýeňen Horwatiýa bürünç medalyň eýesi boldy. Horwatiýanyň düzüminde Gwardiol we Orşiç tapawutlandy. Marokkonyň ýeke-täk goluny /aşraf Dari öz adyna ýazdyrdy.

Zlatko Daliçiň tälimçiligindäki Horwatiýa taryhynda ikinji gezek üçünji orny gazanmagy başardy. Mundan ozal, 1998-nji ýylda horwatlar dünýä çempionatynda bürünç medal gazanypdy.

Şeýle hem Horwatiýa 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempioatynda bolsa, kümüş medal gazanyp, uly üstünlige eýe bolupdy.

Umuman, soňky 24 ýylyň dowamynda Horwatiýanyň futbolda gazanan üstünlikleri uly öwgä mynasyp boldy.

11 çempionatdan bäri Ýewropa ýurtlarynyň ýygyndylary bürünç medaly eýeläp gelýär. Beýleki yklymdan 1978-nji ýylda Braziliýa üçünji bolupdy.

 

Related posts

Lewandowski “Altyn aýakgap” baýragyny aldy

Dünýäniň iň baý topary ilkinji transferini etdi

Ata Watan Eserleri

Argentina Kopa Amerikada finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment