SPORT

Messiniň köýnekçesi satylyp gutardy

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda diňe bir duşuşyk galdy. Ol hem final duşuşygy. Argentina bilen Fransiýanyň arasyndaky final duşuşygy ertir Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlaýar.

Bu duşuşygyň öňüsyrasynda Argentinanyň we dünýä futbolynyň ýyldyzy Lionel Messiniň “10” belgili köýnekçesi satylyp gutardy.

Argentinanyň futbolçylarynyň sport eşiklerini öndürýän “Adidas” kompaniýasy Messiniň köýnekçeleriniň dünýäniň ähli ýerinde satylyp gutarylandygyny mälim etdi.

Firma islegiň köpdügi üçin öndürmekden kynçylyk çekýändiklerini belläp geçdi. Kompaniýanyň dünýäniň islendik nokadynda Buenos-Aýres, Madrid, Doha, Tokio we Stambul ýaly şäherler tapawudy ýok, ähli ýerde bu köýnekçäni tapmak kyndygy bellenilýär.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy