JEMGYÝET

Prezident saýlawlary: saýlawçylaryň 86,34% ses berdi

Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirilýär. Ir sagat bilen 07:00-da ýurdumyz boýunça ähli saýlaw uçastoklarynda ses bermek işi badalga aldy. Ähli saýlaw uçastoklary zyýansyzlandyrylan enjamlar bilen üpjün edilipdir.

Saýlaw uçastoklarynda aýdym-saz dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylypdyr. Şeýle hem dürli harytlaryň söwdasy guralypdyr.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem habarçylary daşary ýurtly habarçylar bilen bilelikde ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerindäki saýlaw uçastoklarynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky we Gökdepe etrabyndaky saýlaw uçastoklarynda bolup, ses bermek işi bilen tanyş boldular.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 15-е çenli saýlawçylaryň 86,34% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 87,22%, Balkan welaýatynda 89,71%, Daşoguz welaýatynda 85,15%, Lebap welaýatynda  85,39%, Mary welaýatynda 86,70%, Aşgabat şäherinde 86,76% ses berdiler.

Şeýle hem, daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 74,16% saýlawçylar ses berdi.

Ses bermek dowam edýär.

 

Prezident saýlawlary: saýlawçylaryň 71,90% ses berdi

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler