IŞ ORUNLARY & TENDERLERPEÝDALY MASLAHAT

“Petronas” täze iş orunlary hödürleýär

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (programmany dolandyrmak boýunça).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: inženerçilik, maglumatlar tehnologiýasy, kompýuter ylymlary, matematika we ykdysadyýet boýunça ýokary bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: iri nebitgaz kompaniýalarynda maglumatlary, maglumatlar binýadyny, resminamalary we sanly programmalary dolandyrmakda 3 ýyla çenli tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasy bilen işlemegi başarmaly.

* * *

Gyýanly obasynda işlemek üçin kömekçi (hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: maglumat tehnologiýasy (MT) ýa-da elektronika boýunça şahadatnamasy ýa-da diplomy bolmaly.

Iş tejribesi: 3 ýyla çenli talabalaýyk tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: maglumatlar tehnologiýasy boýunça başarnyklary bolmaly.

* * *

Gyýanly obasynda işlemek üçin tehnik (tehnologik iş ýagdaýy boýunça).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: degişli institutyň tehniki dereje berýän diplomy ýa-da deň derejeli resminamasy bolmaly, şeýle hem «PETRONAS» Nebit we gaz tehnologiýalar institutynda (INSTEP) nebiti gazyp almak tehnologiýasy Maksatnamasy boýunça okuwy tamamlamaly.

Iş tejribesi: nebitgaz ýa-da degişli pudakda ulanyş boýunça tehnik wezipesinde 5 ýyldan 15 ýyla çenli gazyp almak, mehanika, elektrik we barlag-ölçeg abzallary boýunça subut edilen bilimi hem-de endikleri bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasyny bilmeli.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän edara binasyndan alyp bilersiňiz («B» blok). Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@5)petronas.com.my elektron salgysyna ugradylyp bilner.

Söhbetdeşlige diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler çagyrylar.

v

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg

Sitting–Rising testi: Adamyň biologiki ýaşyny we saglyk ýagdaýyny görkezýän ýönekeý synag

Ýöreme tizligi synagy: Adamyň saglygy we ömür dowamlylygy barada möhüm görkeziji

Aşgabat şäheri boýunça boş iş orunlary hödürlenýär