IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Petronas kompaniýasy işe çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Gyýanly obasynda işlemek üçin göteriji kranyň operatory.

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: göteriji kranda ýerine ýetirilmeli işler üçin talap edilýän derejäni tassyklaýan resminamasy bolmaly.

Iş tejribesi: deňiz desgalarynda işlemekde azyndan 5 ýyl iş tejribesi, göteriji serişdeleri saýlamakda, barlag geçirmekde we olar bilen işlemekde tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: deňizdäki desgalardaky göteriji kranlara tehniki hyzmat etmegi, şeýle hem göteriji kranyň we kömekçi ulgamyň ýagdaýyna gündelik gözegçilik etmegi, barlamagy, «MS Office» («MS Word», «MS Excel») programmasy bilen işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmaly ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene-de okaň

Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär