DÜNÝÄ

Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi. Çäräde Türkmenistanуň BIE-niň ýanyndaky wekili, Ilçi M. Çaryýew gatnaşdy.

Assambleýanyň mejlisinde resmi gün tertibine girizilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy. Hususan-da: Administratiw–býujet komitetiniň, ýerine ýetiriji komitetiň, düzgün–komitetiniň, maglumat we aragatnaşyk komitetiniň hasabatlary, şeýle hem 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen Bütindünýä sergisiniň we 2025-nji ýylda Milan şäherinde geçirilen Triennaleniň jemleýji hasabatlary diňlenildi. Mundan başga-da, 2027-nji ýylda Belgrad we Ýokohama şäherlerinde geçiriljek ýöriteleşdirilen sergilere taýýarlyk boýunça hasabatlar hödürlendi.

Saýlawlaryň dowamynda Türkmenistan BIE-niň Administratiw–býujet komitetiniň agzalygyna 2026–2027-nji ýyllar boýunça iki ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu BIE agza döwletleriniň Türkmenistan bolan ynamynyň tassyklanylýandygyny we ýurdumyzy guramanyň çägindäki institusional derejesiniň üstüni ýetirýändigini görkezýär.

Sessiýanyň çäginde Türkmenistanyň Ilçisiniň BIE-niň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen iş duşuşygy geçirildi. Baş sekretar Türkmenistany Administratiw–býujet komitetine gaýtadan saýlanylmagy bilen mähirli gutlap, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň BIE bilen hyzmatdaşlyga berýän ünsüne minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistanyň guramanyň işindäki işjeň gatnaşygyny aýratyn belledi.

Osakada geçirilen EXPO-2025 Sergisinde Türkmenistanyň Milli Pawilýonynyň üstünlikli işi aýratyn nygtaldy. Pawilýon sergä gelen myhmanlaryň uly gyzyklanmasyny döretdi we ýurdumyzyň medeni, syýahatçylyk we maýa goýum mümkinçiliklerini giňden görkezmek üçin möhüm meýdançalardan birine öwrüldi.

Türkmenistan geljekde hem BIE bilen ykdysady, medeni, innowasion hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, halkara sergi hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmaga çalyşar.

Ýene-de okaň

BMG-de täze Baş sekretary saýlamak işi başlandy

Er-Riýad şäherinde UNIDO-nyň Global senagat sammiti açyldy

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy