Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi esasynda şu ýylyň 7-nji sentýabrynda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda, 14-nji sentýabrda bolsa Daşoguz welaýatynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna girişmek boýunça “ak kerwen” dabaralarynyň geçiriljekdigi barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyz boýunça pagta ýygymynda işlediljek kombaýnlaryň 1 müň 600-siniň, pagta daşamakda ulanyljak ulaglaryň 7 müň 800-siniň, şeýle-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-synyň we pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 158-siniň ýygym möwsümine doly taýýar edilendigi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda güýzlük bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Balkan we Mary welaýatlarynyň bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen ýeterlik derejede üpjünçilik meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
