SPORT

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen şertnama baglaşdy

Angliýanyň “Mançester Siti” topary Fransiýanyň “Lens” klubyndan Özbegistanyň goragçysy Abdukodir Husanow bilen resmi şertnama baglaşdy. 20 ýaşyndaky futbolçy dört ýarym ýyllyk şertnama bilen Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempionynyň hataryna goşulýar we 2029-njy ýylyň tomsuna çenli bu toparda galar.

Özbegistanyň düzüminde 18 duşuşykda oýnan ýaş futbolçy dünýä belli tälimçi Pep Gwardiolanyň elinde tälim alar. Ol täze toparnyň düzüminde 2024/25-nji möwsümiň ikinji ýarymyny geçirer.

Şeýlelikde, özbek futbolçy Angliýanyň Premýer-ligasynda öz ýurduna wekilçilik edýän ilkinji futbolçy boldy.

Husanow 2023-nji ýylyň tomsunda Belarusyň “Energetik-BGU” klubyndan “Lens” toparyna goşuldy we gysga wagtda “Ligue 1” çempionatynyň geljegi uly ýaş goragçylarynyň biri hökmünde özüni tanatdy.

Fransuz toparynda bary-ýogy 31 gezek çykyş edip, dünýä belli toparyň gyzyklanmasyna eýe boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy