JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.

Şol söhbetdeşligiň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna şeýle sowal bilen ýüzlenildi.

Häzirki ýakyn gündogar dawasynda hazarýaka çäklerine hem harby taýdan zarbalaryň urlandygy belli boldy. Muňa Siziň, umuman, Türkmenistanyň garaýşy nähili?

—Türkmenistanyň hazarýaka döwletleri bolan Azerbaýjan, Gazagystan, Eýran we Russiýa bilen bilelikde otuz ýyldan-da köp wagtyň dowamynda yzygiderli hem-de açyk göwünli meýiller bilen hazar hyzmatdaşlygyny ýola goýandygyna düşünmek gerek. Şu ýyllarda biz öz işlerimizi utgaşdyrdyk, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda bilelikde üstünlikleri gazandyk.

Netijede, 2018-nji ýylda ähli kenarýaka ýurtlar tarapyndan baş resminama – Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa gol çekildi. Resminamada Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk we hoşniýetli goňşuçylyk giňişligi bolup durýandygy, bu ýerde hazarýaka ýurtlaryndan beýleki döwletleriň harby güýçlerini ýerleşdirmegiň ýa-da işjeňliginiň gadagan edilýändigi aýdyň beýan edildi. Bu kesgitleme sebit howpsuzlygynyň esas goýujy bölegidir.

Şoňa görä-de, serhetdeş hazarýaka döwletiniň çäklerine harby zarbalaryň urulmagyna Türkmenistanyň biynjalyk bolmagy tebigydyr. Biziň ýurdumyz şeýle hereketleri doly ret edýär. Hazar sebitinde harby hereketler düýbünden ýol berilmesizdir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýaňy-ýakynda teklip edilen Hazarýaka döwletleriniň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasyna dykgatly seredenden soň, ony goldamak barada karara geler.

Bu taslamada Ýakyn Gündogardaky harby gapma-garşylygyň Hazar sebitine ýaýramagynyň onuň düýpli güýçlenmegini aňladýandygy hem-de sebit howpsuzlygyna wehim salýandygy bellenilýär.

Bu resminama biziň düýpli garaýyşlarymyzy hem-de gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýandygymyz barada pikirimizi beýan edýär.

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler