DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Azerbaýjan Respublikasynyň Ylym we bilim ministriniň orunbasary Firudin Isa ogly Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, dostluga, doganlyga we özara ynama esaslanýan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek, akademiki hereketliligi ösdürmek, torlaýyn bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem STEM-bilim, sanlylaşdyrmak, innowasiýalar we ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we bilim ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri Yslamabatdaky Capital Smart City taslamasyna baryp gördüler

Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däli sammiti Gazagystanda geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Kamboja saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Kamboja Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa + ASEAN» formatyny döretmek başlangyjyny goldady

Ata Watan Eserleri