JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti: Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga giň mümkinçilikler bar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň hem-de Özbegistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 21-22-nji oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek baradaky meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ykdysadyýet, söwda, senagat korporasiýasy, energetika, ulag we logistika, sebitara gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak we medeni-ynsanperwer alyş-çalşygyna degişli meseleler duşuşygyň gün tertibinde maslahatlaşylan esasy ugurlar boldy.

Şu ýylyň birinji çärýeginde birnäçe bilelikdäki çäreleriň – hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini, suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisini, daşary syýahat edaralarynyň ugry boýunça syýasy geňeşmeleri, medeni we beýleki çäreleri guramagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, duşuşygyň çäklerinde  taraplar sebit we halkara meseleleri, şeýle hem öňde boljak duşuşyklar boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi