JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Özbek Lideri 11-nji oktýabrda Aşgabatdaky saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşar.

Bu foruma gatnaşmak üçin Gazagystanyň, Pakistanyň, Mongoliýanyň, Tatarystanyň Prezidentleri, Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Aşgabada geldiler.

Şeýle hem foruma gatnaşmak üçin Russiýanyň, Ermenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň Aşgabada gelmegine garaşylýar.

Related posts

Aşkabat Yeni Konutları ile Daha da Büyüyecek

vepa

Türkmenistan’daki yabancı sirk gösterisi büyük ilgi gördü

vepa

Yrak Respublikasynyň Prezidenti Aşgabada geldi