Özbegistanda 4-nji fewraldan 28-nji fewrala çenli ilatyň we oba hojalygynyň ýazuwynyň ikinji tapgyry geçiriler. Bu barada özbek metbugaty habar berýär.
Statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, birinji tapgyryň çäklerinde onlaýn ýazuwyna 29,9 milliondan gowrak adam gatnaşdy, bu bolsa Özbegistanyň ähli hojalyklarynyň 81,8%-ini düzýär.
Onlaýn tapgyra gatnaşmadyk ýa-da soragnamalary ýalňyşlyklar bilen dolduran raýatlar ilatyň ýazuwynyň ikinji tapgyrynda öýme-öý aýlanyp sorag edilmek arkaly hasaba alynar.
4–28-nji fewral aralygynda statistika edaralarynyň işgärleri öýleri aýlanyp, öň hasaba durmadyk ýaşaýjylar barada maglumatlary maglumatlar binýadyna girizerler.
Ýazuwyň netijeleri boýunça ilatyň 38 million adamdan ybarat umumy maglumatlar binýady dörediler. Onda raýatlaryň maşgala ýagdaýy, iş bilen üpjünçiligi hem-de girdeji çeşmeleri baradaky maglumatlar jemlener.
Özbegistanda ilatyň soňky ýazuwy 1989-njy ýylda geçirilipdi. Pandemiýa sebäpli ýazuw ilki 2022-nji ýyldan 2023-nji ýylyň noýabryna süýşürildi, soňra bolsa 2026–2027-nji ýyllara geçirildi.
Milli statistika komitetiniň 2-nji fewraldaky maglumatlaryna görä, Özbegistanyň hemişelik ilatynyň sany 38 292 377 adama deňdir.
