JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa Bütindünýä çagalar güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Şu gün paýtagtymyzyň “Olimpiýa” şäherçesiniň Tennis toplumynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli dürli dabaralar geçirildi. Oňa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

Aşgabat şäherimizdäki  häzirki zaman “Olimpiýa” şäherçesiniň Tennis toplumynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw gelejegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” atly dabaraly çäre guraldy.

Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň ynsanperwer ugurda alyp barýan işiniň möhüm gatnaşyjylarynyň biri bolan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) çykyş etdi.

Tennis toplumynyň foýesinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), ýurdumyzyň saglyk, bilim we jemgyýetçilik guramalarynyň tematiki sergileri ýaýbaňlandyryldy. Olarda ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli hem-de sagdyn ulalmaklary ugrunda edilýän giň gerimli işler aýdyňlygy bilen görkezilýär.

Bütindünýä çagalar gününiň dabarasyna Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna, BMG-niň Türkmenistanda hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň ilçileri, halkara we sebit guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň saglyk, ylym-bilim we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. “Ata Watan Media” topary hem bu dabaraly çäre çagyryldy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ilki bilen ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdy. Soňra Tennis toplumynda geçirilen dabara gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti öz çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň esasy maksadynyň çagalaryň saglygyny goramak, olaryň bilim almaklygyna ýardam bermek hem-de durmuş üpjünçiligi meselelerine goldawy amala aşyrmak bolup durýandygyny belledi.

O. Atabaýewa çagalaryň inklýuziw geljegini gurmaklygyň ähmiýeti barada pikir alyşmak üçin şu ýere ýygnandyklaryny belledi.

Soňra gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti öz çykyşyny Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilinde dowam edip, Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny goramakda we dikeltmekde taryhy işleri bitirýändigini bellädi.

Dabarada Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna, BMG-niň Türkmenistanda hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ýurdumyzyň saglyk, bilim we zähmeti goramak boýunça degişli ministrlikleriniň wekilleri çykyş etdiler.

Dabaranyň çäklerinde çagalaryň medeni we sport görkezme çykyşlaryna tomaşa edildi. Şeýle hem dabara gatnaşan çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň adyndan swogatlar gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasy çagalara, hususan-da, ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalara hemmetaraplaýyn kömek berýär. Häzirki wagta çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna 700-den gowrak çaga lukmançylyk operasiýalary geçirildi. Şeýle hem onuň ýanynda çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw çagalar bagy hereket edýär. Diňe şu ýylyň özünde merkezde 900-e golaý çaga bejergi aldy.

Şeýle hem bu gazna halkara hyzmatdaşlygyny hem işjeň ösdürip, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri bilen çagalaryň inklýuziw geljegi üçin netijeli işleri alyp barýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk sakalýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň 26-syna gol çekildi we olaryň çäklerinde her ýyl dürli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Mundan başga-da, ýurdumyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, sebit hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň Hökümeti bilen BMG tarapyndan her bäş ýyldan kabul edilýän Türkmenistan üçin ýurt boýunça Maksatnamanyň resminamasy alnyp barylýan maksatnama-taslama işiniň esasyny düzýär. Ýakynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin niýetlenen nobatdaky Maksatnama kabul edildi.

Bütindünýä çagalar güni  — bu BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1954-nji ýylda (836 (IX) belgili kararnama) kabul eden hem-de 1956-njy ýyldan başlap ähli ýurtlarda baýram edilmegi maslahat beren baýramydyr.

BMG-niň resmi resminamalarynda Bütindünýä çagalar güni 20-nji noýabrda belläp geçilýär. Bu gün 1959-njy ýylda “Çaganyň hukuklarynyň Jarnamasy” kabul edildi, 1989-njy ýylda bolsa “Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýa” kabul edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Milli Liderimize hoşallyk hatyny ýolladylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi