JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda ilçi öz ýurdunyň çagalar gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Lýudmila Kondraşowanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa iberen minnetdarlyk hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň köp ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Diplomat Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 4 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň martynda Arkadag şäherinde geçirilen halkara maslahatyň hem-de bu gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň möhüm ähmiýeti barada hem aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Belarus çagalar gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Lýudmila Kondraşowanyň bu halkara maslahata gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.

Duşuşykda Türkmenistanda we Belarus Respublikasynda çagalaryň saglygyny goramak, olary durmuş taýdan goldamak meselelerinde çemeleşmeleriň gabat gelýändigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Seýşel adalarynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana ilkinji sapary

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi