SPORT

SSKA topary Russiýanyň Superkubogyny gazandy

Russiýanyň SSKA topary Russiýanyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky final duşuşygynda geçen möwsümiň çempiony “Krasnador” toparyny 1:0 hasabynda utup, kubogy gazandy.

Duşuşyk Kazan şäherindäki “Ak Bars Arena” stadionynda geçirildi, duşuşyga 34 müňden gowrak tomaşaçy gatnaşdy.

Duşuşygyň ýeke-täk goluny 48-nji minutda Igor Diweýew geçirdi. 89-njy minutda “Krasnador” toparynyň hüjümçisi Mozes gyzyl kartoçka alyp, meýdançadan çykaryldy.

Şeýlelikde, SSKA topary 8-nji gezek Russiýanyň Superkubogyny gazandy. “Krasnodar” topary bolsa, basyr 2 ýyldan bäri kubogyň finalynda çykyş edýär we iki gezek hem finalda ýeňildi.

SSKA toparynyň derwezebany Igor Akinfeýew Superkubogy gazanmakdan rekord goýup, 8-njy gezek kubogy gazandy.

SSKA topary täze şwersar tälimçisi Fabio Çelestini bilen ilkinji resmi duşuşygyna çykyp, ýeňiş gazandy we topar täze möwsümiň öňüsyrasynda ilkinji kubogyny gazandy.

Geçen möwsümiň çempiony “Krasnodar” topary taryhynda ilkinji gezek Russiýanyň çempiony bolmagy başarypdy.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri