SPORT

Oweçkin taryhy rekordyň eýesi boldy

Russiýaly hüjümçi Aleksandr Oweçkin Milli hokkeý ligasynda geçiren gollarynyň sanyny 895-e ýetirdi. Ol meşhur kanadaly hokkeýçi Ueýn Gretskiniň rekordyny öz adyna ýazdyrdy.

“Waşington” toparynyň kapitany rus hokkeýçi “Аýlenders” topary bilen geçirilen duşuşykda tapawutlanmagy başardy.

Şeýlelikde, 39 ýaşyndaky Oweçkin kanadaly türgen Gretskiniň 894 gollyk taryhy rekordyny täzeläp, 895 gol bilen Milli hokkeý ligasynyň iň köp gol geçiren hokkeýçisi boldy.

Kanadaly hokkeýçi Ueýn Gretski soňky gezek 1999-njy ýyda tapawutlanypdy  we ol Milli hokkeý ligasynyň “beýik” ýagny, “The Great One” adyna eýe bolupdy.

Soňky 26 ýylda hiç bir hokkeýçi kanadaly türgeniň rekordyna ýetip bilmändi. Bu üstünlige Oweçkin eýe boldy. Oweçkin 2005-nji ýyldan bäri Amerikanyň Milli hokkeý ligasynda çykyş edip gelýär.

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy