BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň -Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021-2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy baradaky nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy.
Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynyň ýokary netijeliliginiň dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň, ýurdumyza ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem bu mysal ýurdumyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän hem-de Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyna beslenýän ýylynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň üstünliklere rowaçlanýandygynyň ýene bir beýanydyr.
Türkmenistan işjeň “açyk gapylar” syýasatyny hem-de hemişelik oňyn Bitaraplyk ýörelgesine laýyklykda hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, BMG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk Milletler Bileleşiginiň esasy agentlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen barha berkeýän gatnaşyklary bilen baglylykda hil taýdan täze derejä çykdy.
Mysal üçin 2018-nji ýylda Türkmenistan 2019-2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Geçen 2019-njy ýylda biziň ýurdumyz 2020-2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar döwri üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň we 2020-2023-nji ýyllar döwri üçin Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy.
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowuşan hoş habar köptaraply hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine meýilleri hem-de ýurdumyzyň ählumumy hyzmatdaşlygyň bu iri meýdançasynda täsiriniň güýçlenýändigini tassyklady.
Şunda Watanymyzyň ýokary durmuş-ykdysady görkezijilerine ýetmekde toplan oňyn tejribesi ägirt uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan ösüşiň milli nusgasy ýokary netijeler bilen özüniň netijeliligini subut edip, dünýä bileleşiginiň içgin gyzyklanmasyna eýe bolýar.
Türkmenistan özüniň iň gowy tejribesini bermek hem-de beýleki taraplaryň peýdaly tejribesini kabul etmek üçin işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr. Sebäbi öňde has iri maksatlar we wezipeler durýar.
Şeýle işjeň alyşmalar hem-de ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň meseleleriniň oňyn çözülmegine ylalaşykly, deňeçer çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin binýatlaýyn meýdança hökmünde döwlet Baştutanymyz hut Birleşen Milletler Guramasyny we onuň düzümlerini görýär.
EKOSOS halkara ykdysady we durmuş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de bu babatda döwletler üçin maslahatlary işläp taýýarlamakda merkezi meýdança bolup durýar. Bu Geňeşiň alyp barýan işleriniň dürli ugurlary boýunça onuň ýörite komissiýalary hereket edýär. Türkmenistanyň eýýäm 2014-2016-njy ýyllar döwri üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýanyň hem-de Durmuş ösüşi boýunça komissiýanyň 2014-2017-nji ýyllar döwri üçin agzalyga saýlanandygyny ýatlamak gerek.
Bu düzümleriň hataryna täzeden saýlanmak bilen, ýurdumyz öz ugrunda aýratyn mümkinçilikleri bolan bu meýdançany innowasiýa pikirlenişi ösdürmek, möhüm ynsanperwerlik meselelerini çözmekde ylalaşyga ýetmek boýunça işjeň peýdalanmagy maksat edinýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady we durmuş maksatlarynyň birleşdirilmegine ünsi çekip, bu ugurlary baglanyşdyrýan yzygiderli syýasaty durmuşa geçirýär. Bular deňhukukly we inklýuziw jemgyýetiň, kiçi we orta telekeçiligiň ykdysadyýetiň esasy hereketlendirijisi hökmünde ösdürilmeginden, innowasiýalaryň, ylmy-barlag işleriniň hem-de tehnologiýa işläp taýýarlamalarynyň höweslendirilmeginden, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň, bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyndan hem-de köp sanly beýleki meselelerden ybaratdyr.
EKOSOS-yň komissiýalaryna nobatdaky gezek saýlanylmagy däp bolan Türkmenistan — BMG hyzmatdaşlygyna goşmaça kuwwat berer, 22-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde, şeýle hem üç ýyl mundan ozal onuň Aşgabada bolan saparynyň dowamynda bu hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýeti aýratyn nygtaldy.
Gepleşikleriň dowamynda durnukly ulag, energetika howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreş, ýaragsyzlanmak meselesi, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we beýlekiler ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary seljerildi.
Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin häsiýete eýedir, ol yzygiderli esasda, ahyrky netijä garaýyşlaryň meňzeşligi esasynda alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýokary depginleri, maksada okgunlylygy hem-de anyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Bu gatnaşyklar toplanylan baý tejribä, özara ynama, giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygyna göz ýetirilmegine esaslanýar.
Türkmenistan howpsuzlyk ulgamynda, durnukly ösüş meselelerinde, energetika, ulag, ekologiýa ugurlarynda, demokratik edaralaryň ösdürilmegi we kemala getirilmegi babatynda BMG bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we edaralarynyň birnäçesiniň – BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Halkara çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Ilat gaznasynyň we beýlekileriň wekilhanalary hemişelik esasda işleýär.
Ykdysady we durmuş maksatly möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berýän iri bilelikdäki maksatnamalar we taslamalar amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen has ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belleýär.
BMG 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasy bilen durmuş ulgamynda Türkmenistanda geçirilýän ägirt uly işleri makullady we gollady, şol sanda sporty we köpçülikleýin –sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çärelere ýokary baha berdi.
Umuman, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi, ýurdumyzyň üstünlikli alyp barýan parahatçylyk dörediji syýasaty BMG-niň çäklerinde döwletleriň arasyndaky oňyn gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm şerti bolup durýar. Ýokarda agzalan komissiýalara agzalyga saýlanylmagy hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasynyň nobatdaky gazanan sepgididir hem-de türkmen Lideriniň halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerleşdirmekde, olary oňyn, döredijilik ruhunda dünýäniň halklarynyň bähbidine ösdürmekde bitiren hyzmatlarynyň ýene bir ykrarnamasydyr.
Ýurdumyzyň BMG-niň bu we beýleki düzümleriniň agzalygyna saýlanylmagy adamlaryň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, biziň toplan durmuş-ykdysady ösüşde we toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň okgunly ösýän döwletleriň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýelemegini üpjün edýän tejribämizi hasaba almak bilen, häzirki döwrüň ilkinji derejeli wezipelerini çözmekde geçirilýän çäreleriň hiliniň hem-de netijeliliginiň artdyrylmagyna gönükdirilen netijeli maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz geljekde hem Milletler Bileleşiginde öz üstüne ýüklenilen jogapkärli wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirip, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam berer, özüniň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirer.