BIZNES

Nah ýüplükler eksporta, binýatlyk ýaglar – içerki bazarda ýerlenildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $736,4 müň we 7,3 million manat bolan 11 geleşik baglaşyldy. Bu barada biržanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkiýäniň işewürleri Türkmengala we Sakarçage etraplarynda, şeýle hem Daşoguz şäherinde öndürilen nah ýüplükleriň dürli görnüşleriniň 269,5 müň kg. satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy $736,4 müň deň boldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler umymy bahasy 7,2 million manat bolan Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan SN-180 görnüşli binýatlyk nebitiň jemi 2 müň tonnasyny satyn aldylar.

Şeýle hem içerki bazarda elde dokalan türkmen halylary almak üçin geleşik baglaşyldy. Şunda amallaryň umumy bahasy 45,3 müň manatdan gowrak boldy.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy