SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Müsürde ilkinji maýmyn mama wirusy ýüze çykdy

Müsürde ilkinji gezek maýmyn mama wirusly kesel hasaba alyndy. Keselhanada karantin edilen 42 ýaşly hassanyň saglyk ýagdaýynyň gowudygy mälim edildi.

Müsüriň Saglygy goraýyş ministrliginiň “Facebook” sahypasynda berlen beýanatda wirusyň ýurduň raýatynyň birinde ýüze çykandygy we bu adamyň keselhanada karantin edilendigi habar berildi.

Beýannamada Ýewropa ýurtlarynda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan 42 ýaşly Müsüriň raýatynyň daşary ýurtlara ýygy-ýygydan baryp gelýändigi we näsagyň saglyk ýagdaýynyň gowudygy, gatnaşyk saklan adamlar bilen baglanyşykly zerur çäreleriň görülendigi mälim edildi.

Häzirki wagtda bu wirus bilen kesellänleriň sany 50 müňden geçdi. Russiýa Federasiýasynda bu kesele garşy sanjym işlenip düzülip, synag edilýär.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär