JEMGYÝET

Müsür dünýä çempionatyň taryhynda ilkinji ýeňşini gazandy

Müsüriň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda taryhy üstünlik gazandy. Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen oýunda müsürli futbolçylar Täze Zelandiýanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňdiler. Bu ýeňiş Demirgazyk Afrikanyň ýygyndysy üçin sport taryhynda möhüm sepgit boldy.

Täze zelandiyalylar duşuşygyň başynda öňe çykmagy başardylar. Finn Sermanyň 15-nji minutdaky takyk urgusy hasaby açdy. Şeýle-de bolsa, ikinji ýarymda Müsüriň ýygyndysy oýnuň gidişini düýpgöter üýtgetdi. 58-nji minutda Mostafa Ziko hasaby deňledi, dokuz minutdan soň ýyldyz hüjümçi Mohammed Salah toparyny öňe çykardy, 82-nji minutda bolsa Trezege duşuşygyň soňky netijesini kesgitledi.

Bu üstünlik Müsüriň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatlarynyň jemleýji tapgyryndaky taryhyndaky ilkinji ýeňşi boldy. Mundan ozal müsürliler dünýä çempionatlarynda geçiren sekiz duşuşygynyň üçüsini deňme-deň tamamlap, bäşisinde ýeňlipdiler. Üçünji gezek dünýä çempionatyna gatnaşýan Täze Zelandiýanyň ýygyndysy üçin bu ýeňliş 2010-njy ýyldan bäri dowam edip gelen dört oýunlyk ýeňilmezlik tapgyrynyň tamamlanmagyna getirdi.

Iki oýun gününden soň Müsür 4 utuk bilen G toparçasynda ýeke-täk lider boldy. 2 utukdan toplan Eýranyň we Belgiýanyň ýygyndylary degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýeleýär. 1 utukly Täze Zelandiýa bolsa toparçanyň soňky ornunda ýerleşýär. 27-nji iýuna geçilýän gije geçiriljek toparçalaýyn tapgyryň soňky duşuşyklarynda Müsür Eýran bilen oýnar, Täze Zelandiýa bolsa pleý-offa çykmak ugrunda Belgiýa bilen bäsleşer.

Related posts

Dünýäniň baý işewürleriniň iş endikleri

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Ata Watan Eserleri