Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisininde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hünär bilimi edaralarynyň mugallymlaryny hünär synagyndan geçirmek barada alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Gürrüň, hususan-da, başlangyç hünär, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlaryň eýeleýän wezipesine laýyklygyny kesgitlemek hem-de ýaşlara terbiýe bermek, bu işde maglumat tehnologiýalaryny öwretmegiň we peýdalanmagyň döwrebap usullaryny ulanyşy hakynda barýar.
Mugallymlaryň hünär synagyny şu ýylyň aprel-maý aýlarynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, hünär bilimi edaralarynda Bilim ministrliginden, degişli ugurlardan işine ökde hünärmenlerden, ýokary derejeli bilim işgärlerinden hem-de bilim edarasynyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň wekilinden ybarat iş toparyny döretmek meýilleşdirilýär.
Bellenilişi ýaly, mugallymlaryň hünär synagyny hödürlenen soragnama-ýumuşlar arkaly kompýuterlerde geçirmek göz öňünde tutulýar. Olaryň döwrüň talaplaryna laýyklykda, talyplary okatmakda we terbiýelemekde alyp barýan okuw-usuly we ylmy işleriniň netijelerine, sanly sowatlylygyna, innowasion tehnologiýalaryny ulanmak başarnyklaryna baha berler. Şeýle hem mugallymlaryň hünär ugurlaryny, mugallymçylyk psihologiýasynyň esaslaryny ulanyp bilişleri, syýasy-jemgyýetçilik taýýarlygy kesgitlener.
Onuň netijeleri esasynda mugallymlaryň eýeleýän wezipesine laýyklygyny kesgitlemek hem-de degişli wezipelere geçirmek we zerurlyga görä hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mugallymlaryň hünär synagynyň yzygiderli geçirilmeginiň bu ulgamyň işgärleriniň eýeleýän wezipesine laýyklygyny, hünär derejesini kesgitlemäge hem-de ýerine ýetirýän işine baha bermäge mümkinçilik berýän netijeli gurala öwrülmelidigini belledi.
Umuman, şeýle çäreler mugallymlaryň ussatlygyny, jogapkärçiligini, zähmetiniň hilini ýokarlandyrmaga, döredijilik işjeňligini artdyrmaga, okuw mekdeplerinde işgärleriň seçilip alynmagyny gowulandyrmaga ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bilim işgärleriniň hünär derejesine bildirilýän döwrebap talaplardan ugur alyp, hünär synagyny örän jogapkärli geçirmek babatda tabşyryk berildi.