JEMGYÝET

Mişustin okuwçylara Moskwa döwlet uniwersitetine okuwa girmek üçin maslahat berdi

Aşgabada özüniň ilkinji saparyny amala aşyrýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp gördi. TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin okuwçylar bilen söhbetdeş bolup, olary Moskwa döwlet uniwersitetine okuwa nähili girip biljekdikleri barada maslahat berdi.

Ol ýokary okuw mekdebine girmek üçin ýeke-täk usulyň – gowy okamak we köp işlemek bolup durýandygyny belledi.

Mişustin mekdebe aýlanyp gören döwründe türkmen dili dersiniň geçilýän synpyna bardy. Söhbetdeşlik wagty okuwçylaryň biri Mişustinden Moskwa döwlet uniwersitetine nähili okuwa girip boljakdygyny sorady. Ol hem munuň üçin köp işläp, has köp okamalydygyny belledi.

Ol Russsiýa Federasiýasynda häzirki döwürde 30 müňden gowrak türkmen talyplarynyň okaýandygyny aýtdy. Russiýanyň ylym ministri Sergeý Krawsow bolsa, 2023-nji ýyldna başlap, “daşary ýurtlardaky rus mugallymy” taslamasyny ýola goýup, onuň çäginde rus mugallymlarynyň Türkmenistanyň dürli şäherlerinde bolup, rus dili boýunça sapaklar berjekdigini belledi.

Şeýle hem mekdep okuwçylary Mihail Mişustine Magtymguly Pyragynyň goşgylaryny okap berdiler.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin 2023-nji ýyldaky ilkinji saparyny Türkmenistana amala aşyrýar.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşar.

Şeýle hem ol günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän türkmen-rus işewürler forumyna gatnaşyp, şol ýerde çykyş eder.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri