JEMGYÝET

Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby tanyşdyryldy

Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahaty geçirildi.

Her ýyl geçirilýän bu forum agzalan ulgamlarda ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşmaga, lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir.

Halkara maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby tanyşdyryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, statistiki maglumatlaryň üsti bilen täsirli beýan edýän 22 sany bölümden ybaratdyr.

Täze kitap “Il saglygy — ýurt baýlygy”, “Saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we dolandyrylyşy” atly bölümler bilen açylýar. Onda täze döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalaryna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. “Keselleriň öňüni almak — sagdyn durmuşyň esasy”, “Sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek”, “Döwrebap bejeriş-öňüni alyş usullary”, “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak” atly bölümlerde öňüni alyş çäreleriniň oňyn netijeleri barada giňişleýin maglumat berilýär. “Saglygy goraýyş ulgamynyň kämil maddy-tehniki binýady”, “Saglygy goraýşyň maliýe üpjünçiligi” atly bölümlerde ulgamy özgertmek boýunça durmuşa geçirilen işler öz beýanyny tapýar. “Sagdyn ene — sagdyn nesil” atly bölümde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda alnyp barlan işler, “Hassahana bejergisi” atly bölümde bolsa döwrebap enjamlaryň adamyň saglygyny goramakdaky ähmiýeti barada söhbet edilýär.

Täze kitapda milli saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa, pulmonologiýa, onkologiýa, endokrinologiýa gulluklarynyň ösüşine aýratyn bölümler bagyşlanypdyr. “Derman senagatynda ösüşler”, “Ilatyň derman serişdeleri bilen üpjünçiligi” atly bölümlerde degişli ugurda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär. “Melhemli şypahanalar” atly bölümde ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň mümkinçilikleri barada durlup geçilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesiniň hem-de ulgamyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilişine-de ýörite bölümler bagyşlanypdyr.

“Saglygy goraýyşda sanly ulgam” atly bölümde bolsa sanly lukmançylygy ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilýär. Täze eser “Saglygy goramak döwletiň baş wezipesidir” atly bölüm bilen jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň eseri türkmen, iňlis we rus dillerinde giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Ýene-de okaň

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi