SPORT

Messiniň rekordy, Ronaldo kuboksyz galdy

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň hüjümisi Lionel Messi rekord goýan bolsa, onuň ýaşyl meýdançadaky esasy bäsdeşi portugal futbolçy Kristiano Ronaldo kuboksyz galdy.

“PSŽ” topary bilen çempion bolan Messi 37-nji tapgyrda “Strasburg” toparynyň derwezesinden 1 pökgi geçirip, Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynda geçiren gollary boýunça rekord goýdy.

Ol bu ugurda Kristiano Ronaldodan öňe sýlandy. Messi 577 duşuşykda 496 gol geçirdi. Mundan ozalky rekordyň eýesi bolan Ronaldo 626 oýunda 495 gol geçiripdi.

Şol bir wagtda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynda çykyş edýän Ronaldo kuboksyz galdy. Iki möwsümden bäri kuboksyz galan Ronaldonyň “Al-Nasr” topary Saud Arabystanynyň çempionatynda ikinji orny eýeledi.

Çempionatda birinji orny “Al-Ittihad” topary eýeledi. Şeýlelikde, Ronaldo soňky gezek 2021-nji ýylda “Ýuwentus” topary bilen Italiýanyň kubogyny gazanypdy.

Ronaldo saud çempionatynda 16 oýunda 14 gezek tapawutlandy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy