SPORT

Messi “PSŽ” bilen hoşlaşýar

Şu günler dünýäniň öňdebaryjy sport neşirleri Lionel Messiniň ykbaly hem-de haýsy toparda çykyş etjekdigi baradaky habarlar bilen doldy. Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň tälimçisi Kristof Galtýe Messiniň möwsümiň tamamlanmagy bilen topardan gitjekdigini mälim etdi.

– Maňa futbol taryhynyň iň güýçli futbolçysyna tälim bermek bagty çüwdi. “PSŽ” toparynyň şenbe güni “Kleremon” topary bilen geçirjek oýny Messi üçin soňky duşuşyk bolar – diýip, tälimçi belledi.

35 ýaşyndaky argentin futbolçy 31 duşuşykda 16 gol geçirdi.

Messi bilen dünýäniň birnäçe ýurdunyň toparlary gyzyklanýar. Onuň özüniň ýyldyzlaşan topary “Barselona” toparyna gaýdyp barjakdygy hem mälim edildi.

Amerikanyň “Inter Maimi” topary 35 ýaşyndaky futbolça 4 möwsümlik ýyllyk 50 million ýewro zähmet haky bilen şertnama teklip etdi. Şeýle hem bu topar Messiniň ýakyn dostlaryndan Serži Buskets bilen hem gyzyklanýar.

Şol bir wagtda Messi bilen Saud Arabystanynyň toparlary hem gyzyklanýar. Bu toparlardan ummasyz uly möçberde teklipler bar.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy