JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň ilaty 80.8 million adam deňdir

Häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň ilaty 80.8 million adamdan gowrak boldy. Soňky on ýylda ortaça ösüş 1 million adama deň boldy.

Bilermenleriň baha bermegine görä, 2050-nji ýylda Merkezi Aziýanyň ilatynyň sany 100 milliondan gowrak bolar.

Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy Özbegistan bolup, bu ýurtda 36.7 million adama deňdir. Ikinji orundaky Gazagystanyň ilaty 20 milliona barabardyr.

Sebitde ilatyň köp bölegini ýaşlar düzüp, olaryň sowatlylyk derejesi 100 göterime barabardyr. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň ilatynyň sanly sowatlylyk derejesi hem ýokarydyr.

Sanly sowatlylyk kompýuter sowatlylygy, maglumat sowatlylygy, media sowatlylygy ýaly ugurlayr özünde jemleýär.

Bilimli hem-de häzirki zaman tehnologiýalary bilen ýakyndan gyzyklanýan ýaş nesiliň saýasynda Merkezi Aziýa maýa goýum, elektron söwda klasteri we logistika merkezi boýunça amatly sebitleriň biri hasaplanýar.

Related posts

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna “Türkmenistanyň Watan goragçysy” hormatly ady dakyldy

Ata Watan Eserleri

Batyr Wolsahatow Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellendi

Ata Watan Eserleri

Her sygyrdan 10 litrden gowrak süýt alynýar

Ata Watan Eserleri