JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 7-nji Konsultatiw duşuşygy geçiriler.

Bu duşuşygyň öňüsyrasynda 14-16-njy noýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Özbegistana döwlet sapary meýilleşdirildi.

16-njy noýabrda Daşkent şäherinde geçiriljek sebitiň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň «Merkezi Aziýa täze eýýamyň bosagasynda» atly makalasy çap edildi.

Prezident makalasynda: «Sebitara özara gatnaşygy çuňlaşdyrmagy dowam etdirmek — bar bolan mehanizmleri berkitmek, olara durnuklylyk we amaly many bermek zerurdyr», — diýip belleýär.

Şeýle görüşde duşuşyklary gurmak başlangyjy 2017-nji ýylda öňe sürüldi. Şondan bäri sebitiň ýurtlarynyň Baştutanlary yzygiderli duşuşyklary guraýarlar.

2021-nji ýylda Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda  türkmen halkynyň Milli Lideriniň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy bolupdy.

Şeýle hem soňky ýyllarda bu duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hem çagyrylýar. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 2023-nji ýylda Täjigistanda we 2024-nji ýylda Gazagystanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşypdy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini bu gezekki duşuşyga çagyrdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň:

  • Birinji  konsultatiw duşuşygy Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 2018-nji ýylyň 15-nji martynda;
  • Ikinji konsultatiw duşuşygy Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde 2019-njuy ýylyň 29-njy noýabrynda;
  • Üçünji konsultatiw duşuşygy Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherindäki «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda;
  • Dördünji konsultatiw duşuşygy Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda;
  • Bäşinji konsultatiw duşuşygy Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda;
  • Altynjy konsultatiw duşuşygy Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri