BIZNES

Merkezi Aziýadan Hytaýa 43,2 milliard kubmetr tebigy gaz iberildi

2022-nji ýylda Hytaý-Merkezi Aziýa gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 43,2 milliard kubmetr möçberinde tebigy gaz iberildi. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.

“PipeChina West Pipeline Company” kompaniýasynyň maglumatyna görä, her gün bu gaz geçirijisi arkaly 100 million kubmetr möçberinde tebigy gaz akdarylýar. 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, 2009-njy ýylda ulanmaga berlen bu gaz geçiriji arkaly Hytaýa 423.2 milliard kubmetr tebigy gaz iberildi.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, gaz geçirijiniň bir gije-gündüziň dowamynda geçirijilik kuwwaty 163 million kubmetrden hem gowrakdyr.

Bu gaz geçirijisi Türkmenistanyň serhedinden başlap, Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hytaýyň Horgos şäherindäki “Günbatar-Gündogar” gaz geçirijisine birleşýän ilkinji tarnsmilli gaz geçirijisidir.

Bu gaz geçirijisi arkaly akdyrylýan tebigy gazy Hytaýyň 27 welaýatynyň 500 milliondan gowrak sarp edijileri giňden ulanýar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy