DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň sergisi geçirildi

Hazar deňziniň kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Öý goşlary we esbaplary gazak, gyrgyz, özbek, täjik we türkmen halklarynyň däpleri barada gürrüň berýän milli äheňli ak öýler myhmanlara milli tagamlary, sowuk içgileri, gündogar datly tagamlaryny, miweleri, bal ýaly gawundyr garpyzlary hödür etdiler.

Türkmenistanyň milli syýahatçylyk zolagyna gelen aşpezler we senetkärler öz ussatlgyny görkezdiler we doganlyk halklaryň däpleri bilen tanyşdylar.

Festiwalyň guramaçylyk işlerine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistana sebitiň ýurtlaryndan ökde aşpezler geldiler hem-de olar öz tagamlarynda milli medeniýetiniň özboluşlylygyny beýan etdiler.

Bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine we giňeldilmegine öz goşandyny goşar.

 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi