BIZNES

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak Özbegistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar. Bu barada Özbegistanyň resmi habarlar gullugynda bellenilip geçilýär.

Şol habarda 2020-nji ýyldaky döwlet maksatnamasynyň çäginde Özbegistan tapgyrlaýyn, açyk we pragmatiki daşary syýasatyny, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi dowam etdirendigi bellenilip geçildi.

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy ýola goýuldy. Özbegistan sebitde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny täze derejelere çykardy. 2017-2019-njy ýyllarda Merkezi Aziýa bilen Özbegistanyň ortaça ýyllyk haryt dolanyşygy 50 göterim artyp, 5,2 milliard dollara barabar boldy. 2020-nji ýylda ählumumy pandemiýa garamazdan, Özbegistanyň Merkezi Aziýa bilen umumy haryt dolanyşygy 5 milliard dollara deň boldy.

Hususan-da, 2017-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli döwürde Özbegistan bilen sebit ýurtlarynyň arasynda 300-den gowrak şertnama, şeýle hem takmynan 75 milliard dollarlyk şertnama we ylalaşyklara gol çekildi.

 

ÝHHG-niň başlygynyň Merkezi Aziýa sapary

 

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy