DÜNÝÄ

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygy geçirildi

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas gatnaşdylar.

Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri hem-de ýakynda Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyldy. Täze platforma demir ýol, awtomobil, port infrastrukturasyna maýa goýumlary çekmäge, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag geçelgeleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde sanly ulgam, energetika we ekologiýa babatda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça çärelere üns çekildi. Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikde işlemegiň, “ýaşyl” ösüş, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça bilelikdäki çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini tassykladylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki Beýanaty kabul edildi.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi