«Merkezi Aziýa – Hytaý»: ministrler derejesindäki ilkinji duşuşyk

2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşygyna sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Mejlise Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özarahereketler barada maslahatlaşdylar.

Duşuşykda garalan esasy meseleleriň biri hem durmuşyň ähli taraplaryna oňaýsyz täsir edýän dünýädäki pandemiýa ýagdaýy boldy. Ministrler COVID-19 ýokanjyndan dörän hassalyklaryň öňüni almak we bejermek barada toplan tejribeleri barada gürrüň berdiler we pikir alyşdylar. Taraplar pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmek mümkinçiliklerine garadylar.

Öz çykyşynda, R.Meredow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini nygtap, onuň çäklerindäki maslahatlaşma gurallaryny kesgitlemegi teklip etdi. Ol serişde, ykdysadyýet we ylym-senagat taýdan giň mümkinçiliklere eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge has uly goşant goşup biljekdiklerini nygtady.

Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar hem-de BMG-niň meýdançasynda özara goldaw bermegiň ähmiýetini belläp geçdiler. Şeýle hem owgan meselelerine hem-de Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleriniň ilerledilmegine ýardam bermek mümkinçiliklerine garaldy.

Mundan başga-da, Ministrler energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, hem-de ylym we lukmançylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

Mejlisiň netijeleri boýunça taraplar «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky Daşary işler ministrleriň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen birinji duşuşygynyň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy