BIZNES

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürlik forumy Bişkekde geçiriler

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde 4-6-njy fewral aralygynda ikinji «B5+1» işewürlik forumy geçiriler. Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabineti bilen bilelikde guralan bu ýokary derejeli çäre, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewürlik we hökümet ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler üçin esasy meýdança bolar.

Bu foruma  ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor hem gatnaşar.

Forumyň esasy maksady — sebitdäki ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de döwlet we hususy pudaklaryň arasynda oňyn dialogy ösdürmekdir.

Forumyň ileri tutulýan ugurlary:

  • Oba hojalygy;
  • Bank we maliýe işi;
  • Möhüm ähmiýetli mineral serişdeler;
  • Elektron söwda we maglumat tehnologiýalary;
  • Ulag we logistika;
  • Syýahatçylyk.

Bellemeli zat, birinji «B5+1» forumy 2024-nji ýylyň 14-15-nji martynda Almaty şäherinde geçirilipdi we oňa 10 sany ýurtdan 250-den gowrak işewürlik we gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekilleri gatnaşypdy.

«B5+1» forumy Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) we ABŞ-ny birleşdirýän «C5+1» diplomatik platformasynyň işewürlik ugrudyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler