PEÝDALY MASLAHAT

Maşgala kadalary boýunça kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar giriziler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalary hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli parlamentiň işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgala, raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kadalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň hereket edýän kodekslerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, Geňeşleriň öz wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirişine, dolandyryş-çäk birlikleriniň we olaryň düzümleriniň ykdysady ösüşine yzygiderli seljerme geçirilýär hem-de ilatly ýerleriň maglumatlary öwrenilýär. Mundan başga-da, deputatlar raýatlaryň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuşy bilen gyzyklanýarlar, olaryň tekliplerini, isleglerini öwrenýärler.

Ýene-de okaň

Döwlet notaruislary hyzmatlaryň täze töleg möçberi tassyklanyldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Türkmenistan” awiakompaniýasy işe çagyrýar

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryny sosial mediada yzarlalyň

Türkiýä talyp wizasyna ýüz tutmak isleýänler üçin bildiriş

Ata Watan Eserleri

Ýaldyrak dogdy

Türkmenistan boýunça 28-nji iýul-3-nji awgust aralygyndaky howa maglumaty