JEMGYÝET

Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Agajan Bekmyradow, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Şonda Türkmenistanyň Prezidenti hususan-da, Mary welaýatynyň Oguzhan, Wekilbazar, Murgap etraplarynda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, bu ugurdaky işleriň barşyna nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmegini, bu jogapkärli möwsüme dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi häkimden talap etdi.

Related posts

Aşgabatlylar welosiped kärendesine berýän kärhananyň hyzmatlaryndan köpçülikleýin peýdalanýarlar

Awtobanyň birinji tapgyryna asfalt düşelýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Leave a Comment