JEMGYÝET

Mary-Tejen-Aşgabat ugry boýunça welosiped ýörişi geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, 3-nji iýunda Aşgabatda däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Tejen-Aşgabat böleginiň ugry boýunça 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Welotrek” sport toplumynda 27-nji maý – 3-nji iýun aralygynda “Siz bilen sportda gadamlar batly,//Ak geljege ýörelgämiz Arkadag” atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bular barada 25-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere Bütindünýä welosiped gününi giňden hem-de dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görülmegini, şeýle hem bu baýram mynasybetli Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda bedenterbiýe-sport çäreleriniň talabalaýyk geçirilmegini tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy