JEMGYÝET

Marsda ýeralma ýetişdirip bolar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň NASA guramasy peruly alymlar bilen birlikde kosmos şertlerinde ýeralma ýetişdirmek boýunça gözlegleri geçirdi. Munuň üçin Perunyň paýtagty Lima şäherinde döredilen «Älem ýyladyşhanasynda» synaglar geçirildi. Ýyladyşhanada howanyň ýylylygy 0 derejäniň aşagyna düşürilip, güýçli howa basyşy emele getirildi. Garaz, alymlar Marsaky şertleri döretmek üçin ähli tagallalary etdiler.

Limadaky «Marsyň» ýagtylygy hem hakyky Marsyň gije-gündiz çalşygyna laýyklykda düzüldi. Ýyladyşhana diňe howa babatynda däl, toprak babatda hem ýer bilen bütinleý çapraz gelýän şertlere eýe.

Şeýlelikde, Perudaky Pampas de la Joýa çölünden alnan 700 kilogram topraga ekilen 65 görnüşli ýeralmanyň bary-ýogy dört görnüşi gämik çykaryp, ýeriň ýüzüne çykyp bildi. Ikinji synagda bolsa çölüň topragy daş bilen çalşyldy. Bu gezek hem käbir görnüşleriň kyn şertlere garamazdan ýaşamaga ymtylyşy göze ildi. Aslynda-da, bu synag üçin Perunyň, Boliwiýanyň we Ekwadoryň iň sowuk we gurak ýerlerinde ýetirişdirilýän, tebigy şertlere çydamly ýeralma görnüşleri saýlanyp alyndy.

Geçirilen barlaglar ýeralmanyň käbir görnüşleriniň Marsda hem ösüp biljekdigini tassyklady.

 

Kemping, kafe, gara öýleri goýmak….

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy