SPORT

“Mançester Ýunaýted” toparyndan 100 million ýewrolyk transfer

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary Niderlandlaryň “Aýaks” toparyndan Ten Hag Antonini 100 million ýewro satyn aldy. Her iki topar bu futbolçynyň transfer edilýändigini tassyklady.

22 ýaşly Antoni üçin 95 million ýewro hem-de 5 million ýewro, jemi 100 million ýewro töleg tölener. Ýakyn wagtda brazil futbolçy lukmançylyk barlagyndan geçip, täze topary bilen 2027-nji ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşar.

Antoni “Aýaks” toparynda 2020-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Ol bu toparda 82 duşuşykda çykyş edip, 24 gol geçirdi.

Bu futbolçy Niderlanlaryň futbol çempionatynyň iň ýokary baha transfer edilen futbolçysy bolar. Mundan ozal, 86 million ýewro Frenki De Ýong “Barselona” toparyna geçipdi.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy