BILIM

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Türkmen dilindäki “Makul English–Turkmen Dictionary: General, Law, Business, Medicine, AI, Sports” atly sözlük dünýäniň iň abraýly kitaphanalarynyň biri bolan New York Public Library (NYPL) ylmy gözleg katalogyna resmi taýdan girizildi.

Sözlügiň NYPL katalogyndaky resmi ýazgysyny şu baglanyşykdan görüp bolýar:
https://www.nypl.org/research/research-catalog/bib/b23871407

New York Public Library (NYPL) ABŞ-nyň we dünýäniň iň iri hem-de iň abraýly kitaphana ulgamlarynyň biri hasaplanýar. Kitaphananyň umumy katalogy 50 milliondan gowrak kitap, žurnal, arhiw materiallary, suratlar we beýleki neşirleri öz içine alýar. Toplumynyň ululygy taýdan NYPL ABŞ-da Kongres Kitaphanasyndan soň iň uly jemgyýetçilik kitaphana ulgamy hökmünde tanalýar we muzeý derejesindäki ylmy baýlyga eýedir.

NYPL ulgamynda 92 kitap öýi we dört esasy ylmy-gözleg merkezi hereket edýär. Olaryň arasynda Beaux-Arts binagärlik usulynda gurlan meşhur Stephen A. Schwarzman binasy aýratyn orun eýeleýär. Şeýle-de kitaphana jemgyýetçilik taryhy, performing sungaty we jemgyýetçilik ylymlary ýaly ugurlar boýunça baý ýörite kolleksiýalary bilen tanalýar.

Kitaphana diňe fiziki kitaplary däl, eýsem sanly kolleksiýalary, elýazma eserleri, arhiw resminamalary we beýleki ýörite ylmy materiallary hem giň okyjylara hödürleýär. Şonuň üçin NYPL dünýäniň dürli ýurtlaryndan akademikler, alymlar, talyplar we kitap söýüjiler üçin möhüm ylmy maglumat merkezi hökmünde çykyş edýär.

Bu ýagdaý türkmen dilindäki terminologik we akademiki neşirleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

“Makul Sözlük” mundan ozal hem dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlarynyň kitaphanalaryna girizilipdi. Hususan-da, sözlük Stanford University kitaphanasynyň katalogynda hasaba alyndy. Şeýle hem, dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Harvard University kitaphana ulgamynda hem ýerleşdirildi.

Şeýle-de sözlük Google Books ulgamyna hem goşuldy. Bu bolsa onuň dünýä boýunça gözlegçiler, talyplar we terjimeçiler tarapyndan sanly görnüşde tapylmagyna we ulanylmagyna giň mümkinçilik döredýär.

“Makul Sözlük” atly neşiriň Stanford, Harvard, New York Public Library ýaly abraýly kitaphanalarda hem-de Google Books platformasynda ýerleşdirilmegi türkmen diliniň halkara akademiki giňişliginde barha giň orun alýandygyny görkezýär. Bu bolsa türkmen dili boýunça taýýarlanylýan ylmy we terminologik işleriň dünýä derejesinde elýeterli bolmagyna möhüm goşant goşýar.

Redaksiýa topary we dizaýn

Sözlügiň taýýarlanmagyna birnäçe alymlar we hünärmenler gatnaşdy. Redaksiýa toparynyň düzümine aşakdakylar girýär:

Amangeldi Baýgeldiýew — Filosofiýa ylymlarynyň kandidaty

Azat Nazarow — Dilçi

Şamil Roznazarow — “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň direktory

Dowran Orazgylyjov — Hukuk ylymlarynyň doktory, awtor we baş redaktor

 

Kitabyň kompýuter dizaýny ýaş hünärmen Ysmaýyl Orazgylyjov tarapyndan ýerine ýetirildi. Neşir işi “Makul Hyzmat” Terjime merkezi tarapyndan goldanyldy.

Stanford uniwersitetiniň kitaphana katalogyna “Makul Sözlük” girizildi

 

 

“Makul Sözlük” Garward uniwersitetiniň kitaphana katalogyna girizildi

 

 

“Makul sözlük” indi Google Books katalogynda!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri